Amanda Nunýes Iren Aldany ýeňip, UFC-niň çempionlyk guşagyny gorady

  • 11.06.2023 14:16
  • 14k+

11-nji iýuna geçilýän gije Wankuwerde (Kanada) garyşyk söweş sungaty boýunça nobatdaky ýaryş — UFC 289 geçirildi. Amanda Nunýes bilen Iren Aldanyň arasynda geçen tutluşyk onuň esasy wakasy boldy. Ýeňiji iň ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagyny alýardy.

Söweş bäş tapgyrlap dowam etdi we Amanda Nunýes eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazandy.
Braziliýaly türgeniň hasabynda indi 23 ýeňiş we bäş ýeňliş bar. Aldanyň bolsa 13 ýeňşi we ýedi ýeňlişi bar.
Öňki söweşde Aldan Meýsi Çiasson bilen duşuşypdy we üçünji tapgyrda ony tehniki nokaut bilen ýeňipdi. Söweş geçen ýylyň sentýabr aýynda bolupdy. Nunýes UFC 277-de Julianna Penýa bilen tutluşdy. Söweş bäş tapgyr dowam etdi, şondan soň Amanda eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi we bu oňa UFC-niň iň ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagyny yzyna almaga mümkinçilik berdi. Bäsdeşler ikinji gezek söweşdiler.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......