Türkmenistanda ýokary hünärli harby gullukçylaryň gutardyş dabarasy boldy

  • 11.06.2023 11:59
  • 20k+

10-njy iýunda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy.

Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Harby akademiýanyň diňleýjileriniň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň hormatyna dabaralar guraldy.
Dabaranyň barşynda ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar, döşe dakylýan nyşanlar we serkerdelik şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem Balkan welaýatynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky Döwlet baýdagy meýdançasynda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlarynyň hormatyna dabaralar guraldy we olara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......