Monakoda “Dünýäniň telekeçisi” kesgitlenildi

  • 11.06.2023 14:21
  • 11k+

Monakoda geçirilen sylaglama dabarasynda EY-nyň “Dünýäniň telekeçisi 2023” halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. Ol ýarym geçirijileri öndürmek üçin möhüm düzüm bölegi bolan kremniý plastinasyny çykarýan Taýwanyň GlobalWafers kompaniýasynyň baş müdiri we müdirler geňeşiniň başlygy Doris Hsýu boldy diýip, Trend habar berýär.

Monakodaky dabara “Ýylyň telekeçisi” maksatnamasynyň iň ýokary derejesi hasaplanýar. Bu özboluşly bäsleşik öz pikirleri, ruhubelentligi we üstünlikleri bilen başgalary ruhlandyrýan adamlaryň telekeçilik işiniň üstünligini ykrar etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle görnüşli ilkinji we ýeke-täk bäsleşik hökmünde “Ýylyň telekeçisi” milli we halkara derejesinde üstünlikli, çalt depginde ösýän kompaniýalaryň esaslandyryjylarynyň we ýolbaşçylarynyň hyzmatyny ykrar etmäge gönükdirilendir.
EY kompaniýasy bu bäsleşigiň guramaçysydyr. Ýöne milli ýeňijiler hem-de “Dünýäniň telekeçisi” titulynyň eýesi garaşsyz eminler tarapyndan kesgitlenilýär.
EY-nyň “Ýylyň telekeçisi” bäsleşigi innowasion ösüşi, gülläp ösüşi goldamak bilen biziň dünýämizi özgerdýän telekeçiler üçin abraýly halkara işewürlik bäsleşigidir. “Ýylyň telekeçisi” bäsleşigi şeýle görnüşli ilkinji we ýeke-täk halkara bäsleşigidir. Dünýäniň 60-dan gowrak döwletiniň 145-den gowrak şäherinde sebitleýin we milli tapgyrlaryň ýeňijileri, adatça, Monakoda geçirilýän halkara finalda dünýäniň iň gowy telekeçisi ady ugrunda göreşmegi dowam etdirýärler.

düýn 22:44
3.8k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.4k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.6k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....