2023-nji ýylda “Altyn top” baýragynyň gowşuryljak senesi belli boldy

  • 10.06.2023 16:50
  • 23k+

2022/23-möwsüminiň jemi boýunça iň gowy futbolça “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 30-njy oktýabrda Parižiň Şatle teatrynda geçiriler. Bu barada “France Football” žurnalyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Iň gowy futbolçy üçin baýraga 30 dalaşgärden ybarat sanaw 6-njy sentýabrda yglan ediler.
2022-nji ýylda “Altyn topuň” eýesi karýerasynda ilkinji gezek fransiýaly hüjümçi Karim Benzema boldy. Baýragyň sany boýunça rekord (7) argentinaly Lionel Messä degişli.
“Altyn top” France Football tarapyndan 1956-njy ýylda Ýewropada ýylyň iň gowy futbolçysyna baýrak hökmünde döredildi (sport žurnalistleriniň toparynyň pikirleriniň esasynda). 2010-njy ýylda FIFA we France Football “Altyn top” bilen “FIFA ýylyň oýunçysy” baýraklarynyň birleşendigini habar berdi (milli ýygyndylaryň kapitanlarynyň we tälimçileriniň ses bermegi esasynda kesgitlenýär). 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda France Football FIFA bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini mälim etdi we ýylyň iň gowy oýunçysyny saýlamagyň ilkibaşdaky sistemasyna gaýdyp geldi.


düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....