Türkmenistan Azerbaýjan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyny tassyklady

  • 08.06.2023 20:29
  • 9.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan hem-de Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy tassyklaýan Kanuna gol çekdi. Kanunyň teksti türkmen metbugatynda çap edildi.

Resminama Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçen üçtaraplaýyn sammitiniň barşynda teklip edilipdi. Ol üç dostlukly ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini göz öňünde tutýar.
Üçtaraplaýyn ylalaşyk dürli ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin wajyp ähmiýete eýedir we ýurtlaryň özara gatnaşygy giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn islegini beýan edýär.


düýn 22:20
3.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.6k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....