HBS: Benzema Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» kluby bilen şertnama baglaşdy

  • 06.06.2023 13:32
  • 23k+

Fransuz hüjümçisi Karim Benzema Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” kluby bilen şertnama baglaşdy, bu barada meşhur insaýder Fabrisio Romano öz “twitterinde” habar berýär. Taraplaryň ylalaşygy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.

Benzemanyň “Al-Ittihad” bilen baglaşan şertnamasynda hyzmatdaşlygy ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiliginiň üpjün ediljekdigi bellenilýär. Karim Madriddäki janköýerler bilen hoşlaşandan soň, dessine Saud Arabystanyna ugrar.
“Al-Ittihadyň” Saud Arabystanynyň çempionydygyny ýatladýarys. Ondan öň, Madrid-iň “Realy” Benzemanyň gidýändigini habar beripdi. Karim “Real”-da 14 möwsüm oýnady, klubuň 647 oýnuna gatnaşdy we 353 gol geçirdi. Bu möwsüm oýunçy 23 oýunda oýnady, 18 gol geçirdi we üç gezek netijeli pas berdi. Ol La Liganyň möwsüminde “Real”-yň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy.


düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....