Saud Arabystany dört futbol klubuny hususylaşdyrmaga rugsat berdi

  • 06.06.2023 13:26
  • 20k+

Saud Arabystanynyň dört futbol kluby – “Al-Ahli”, “Al-Ittihad”, “Al-Nasr” we “Al-Hilal” - maýa goýum taslamasynyň çäginde soňlugy bilen hususylaşdyrmak üçin kompaniýalara öwrülendigini duşenbe güni şazada Muhammet bin Salman Al Saud tarapyndan yglan edildi. Bu barada Saud Arabystanynyň özygtyýarly gaznasynyň (Public Investment Fund, PIF) beýanatynda aýdylýar.

Resminamadan görnüşi ýaly, PIF dört klubuň hersinde 75% paýa eýe bolar. “Al-Ahli”, “Al-Ittihad”, “Al-Nasr” we “Al-Hilal” eýeçilik gurluşynyň galan 25% paýy klublaryň her biri üçin döredilen aýratyn girdeji gaznasyna girer.
Ondan öň Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammet bin Salman Al Saud patyşalygyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen “Wision 2030” maksatnamasynyň çäginde sport klublarynyň hususylaşdyrylmagyny öz içine alýan täze maýa goýum taslamasyny yglan edipdi. Taslamanyň awtorlarynyň pikiriçe, bu ýurduň futbol klublarynyň bazar bahasyny 8 milliard riala (takmynan 2,1 milliard dollar) çenli ýokarlandyrar we milli çempionata dünýäniň iň gowy 10 futbol ligasyna girmäge mümkinçilik döreder.
4-nji iýunda Saud Arabystanynyň "Al-Ittihad" futbol kluby fransuz hüjümçisi Karim Benzema bilen şertnama baglaşdy. Al-Ekhbariya teleýaýlymynyň habaryna görä, 35 ýaşly oýunçy bilen şertnama iki möwsüm üçin göz öňünde tutulýar. Topar geçen möwsümde portugaliýaly Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan milli çempionatynda sanawda “Al-Nasr”-dan öňe geçip, Saud Arabystanynyň çempiony boldy.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......