Karim Benzema Madridiň “Realyny” terk edýär

  • 05.06.2023 12:15
  • 19k+

“Altyn topuň” eýesi fransiýaly futbolçy Karim Benzema möwsümiň ahyrynda Madridiň “Realyny” terk eder. Bu barada klubuň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Benzemanyň “Real” bilen hoşlaşyk dabarasy sişenbe güni klubuň prezidenti Florentino Peresiň gatnaşmagynda geçiriler.

“Real” we kapitanymyz Karim Benzema onuň klubumyzyň oýunçysy hökmünde ajaýyp we ýatdan çykmajak döwrüni tamamlamak barada ylalaşdylar. “Real” eýýäm iň beýik legendalarymyzyň birine öwrülen adama öz minnetdarlygyny we söýgüsini bildirmek isleýär” – diýlip, habarda aýdylýar.

“Benzemanyň “Realdaky” karýerasy özüňi alyp barşyň we professionalizmiň nusgasy bolup, klubumyzyň gymmatlyklaryny görkezdi. Benzema öz geljegi barada netije çykarmak hukugyny gazandy. “Real” hemişe onuň öýi bolupdy we bolar, klub oňa hem onuň maşgalasyna durmuşynyň täze tapgyrynda ähli gowulyklary arzuw edýär” – diýlip, beýanyň üsti ýetirilýär.
Öň, HBS Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň Benzema iki ýyl möhlet we jemi 200 mln ýewro bilen şertnama hödürländigini habar berdi.
Benzema “Realda” 2009-njy ýyldan bäri çykyş edýärdi. Topar bilen bilelikde ol Ispaniýanyň dört gezek çempiony, Ispaniýanyň Kubogynyň üç gezek eýesi we Super kubogynyň dört gezek ýeňijisi boldy. Şeýle-de, ol bäş gezek Çempionlar ligasynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda oýunçy karýerasynda ilkinji gezek “Altyn top” baýragyny aldy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....