Trinidad we Tobagonyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň başlyklygyna saýlandy

  • 03.06.2023 16:40
  • 6k+

Trinidad we Tobagonyň wekili Dennis Frensis BMG-niň Baş Assambleýasynyň indiki 78-nji mejlisiniň prezidenti saýlandy.

Degişli beýannama häzirki mejlisiň başlygy, wengriýaly diplomat Çaba Kýörýöşi tarapyndan berildi.
Kýörýöşi: "Men Denis Frensisiň BMG-niň BA-nyň 78-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanandygyny yglan edýärin".
Onuň baý bilimleriniň we tejribesiniň bardygyny belläp geçdi.
Frensis hem öz gezeginde Baş Assambleýanyň mejlisinde çykyş edip, ähli wekiliýetleriň deň hukuklarynyň bardygyny ýaylamak bilen, öz borçlaryny ýerine ýetirmegi wada berdi. Onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine agzybirligiň we hyzmatdaşlygyň täze öwüsginini getirip biljekdigine umyt bildirdi.
Diplomat parahatçylygyň, gülläp ösüşiň, öňe gidişligiň we durnukly ösüşiň esaslaryny berkitmek üçin bar bolan çemeleşmeleri gowulandyrmak we täzelerini gözlemek niýetini mälim etdi.
Dennis Frensisiň diplomatik gullukda 40 ýyldan gowrak tejribesi bar. Hususan-da, BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşinde, şeýle-de BMG-niň Wenadaky we Rimdäki gurluşlarynda işledi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her umumy mejlisini açýar we ýapýar, Baş Assambleýanyň işini doly dolandyrýar we ýygnaklarynda tertip-düzgüni üpjün edýär. Ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryndan beýleki, agza ýurtlarynyň arasyndan bir ýyllyk möhlet bilen saýlanýar.


27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......