"ÝB-Merkezi Aziýa" sammitinde Türkmenistana wise-premýer N.Amannepesow wekilçilik eder

  • 31.05.2023 11:39
  • 7.4k+

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow 2-nji iýunda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa sammitine gatnaşar. Çärä Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow ýolbaşçylyk eder. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasy habar berdi.

Şeýle hem sammite Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel gatnaşar.

Sammitde häzirki hyzmatdaşlyk we iki sebitiň arasyndaky söwda, syýasy, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlardaky perspektiwalar ara alnyp maslahatlaşylar. Möhüm halkara meseleleri we Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alşylar.

Prezident Sadyr Žaparowyň wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirjekdigi habar berildi.

Ertesi gün, 3-nji iýunda Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişeliň Gyrgyz Respublikasyna resmi sapary bolar.

 


11.05.2026 22:55
915

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.4k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......