ABŞ-nyň birnäçe milliarderleriniň baýlygy ýurduň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden artyk

  • 29.05.2023 15:55
  • 23k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda defolt howpunyň fonunda baýlygy 49,47 milliard dollardan geçýän milliarderleriň sany hasaplanyldy - bu hökümetiň borçlaryny ýerine ýetirmek üçin Maliýe ministrliginiň ygtyýaryndaky puluň mukdaryna deň. Şeýle telekeçileriň sany 25 adama ýetdi diýip, Trend habar berýär.

Reýting dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygyny görkezýän Bloomberg indeksiniň esasynda düzüldi. Şeýle-de bolsa, sanawda takmynan 94,5 milliard dollar baýlygy bolan “Bloomberg”-iň esaslandyryjysy Maýkl Bloomberg ýok. Bu sanawyň başynda  LVMH-niň (Moët Hennessy - Louis Vuitton) 189 milliard dollar baýlygy bolan baş direktory Bernar Arno  bar. Ondan soň bolsa Twitter-iň, Tesla-nyň we SpaceX -iň 179 milliard dollar baýlygy bolan baş direktory Ilon Mask we Amazon -yň 139 milliard dollar baýlygy bolan esaslandyryjysy Jeff Bezos gelýär.
Microsoft-yň baş direktory Bill Geýtsiň baýlygy 125 milliard dollar, Google-yň esaslandyryjysy Larri Peýjiň baýlygy 112 milliard dollar, L'Oreal-iň telekeçisi we mirasdüşeri Fransuaz Betankur-Maýers-iň baýlygy bolsa 87,2 milliard dollar.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......