Fýuri Joşua sentýabrda «Uemblide» duşuşmagy teklip etdi

  • 28.05.2023 15:39
  • 11k+

WBC-niň wersiýasy boýunça super agyr agramda boks boýunça dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri öz Twitterinde watandaşy Entoni Joşua şu ýylyň sentýabr aýynda “Uemblide” söweşmegi teklip edendigini habar berdi. Muny sportrbc.ru ýetirýär.

“Birnäçe gün mundan öň men Entoni Joşua sentýabr aýynda “Uembli” stadionynda söweşmek üçin şertnamanyň garalamasyny iberdim. Bu söweşi menden başlap hemmeler görmek isleýär. Eý Jeý, dünýäniň görmek isleýän zadyny bereli. Bu gezek men million wideo düşürip, basyş etjek däl. Top seniň tarapyňda” – diýip, Fýuri ýazdy.

Geçen ýylyň ahyrynda Fýuri bilen Joşua söweşmek barada gepleşik geçirdi, ýöne ylalaşmak başartmady. Şu ýyl Fýuriniň WBA (Super), WBO we IBF tarapyndan super agyr agramda dünýä çempiony ukrainaly Aleksandr Usik bilen söweşi hem başa barmady.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......