Honda 2026-njy ýylda Formula — 1-e dolanyp geler

  • 25.05.2023 09:59
  • 4.9k+

Ýaponiýanyň Honda awtoulag öndürijisi 2026-njy ýylda «Aston Martin» topary üçin hereketlendirijileri öndüriji we üpjün ediji hökmünde «Formula-1» klasynda awtoulag ýaryşyna gaýdyp geler. Bu barada çarşenbe güni awtokonserniň prezidenti Tosihiro Mibe habar berdi.

Mibe: "Honda, hereketlendiriji bilen üpjün ediji hökmünde, 2026-njy ýyldan başlap, “Formula 1”-iň birinjiligi ugrundaky dünýä çempionatyna gatnaşar" - diýdi.

Ol Honda-nyň uzak wagtdan bäri dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, olardaky ýeňişleri arkaly ösen öndürijä öwrülendigini ýatlatdy. Mibeniň sözlerine görä, kompaniýa bilelikde täze topar dörediljek Aston Martin bilen hereketlendirijiler bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşmaga razy boldy. "Biz bilelikde ýeňiş gazanmaga çalşarys" – diýip, ol belledi.
Honda soňky bäş ýylda ilkinji gezek “Formula 1”-e gaýdyp geler. 2021-nji ýylda bu konsern Formula 1-den gitmek kararyna gelipdi, şeýle-de bolsa 2025-nji ýyla çenli “Red Bull” we “Alpha Tauri” toparlaryna hereketlendirijileri ibermegini dowam edýär.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....