Heýni Lomaçenkony ýeňip, boksda absolýut dünýä çempiony adyny gorady

  • 22.05.2023 09:38
  • 7.6k+

Amerikaly Dewin Heýni 61,23 kg-a çenli agram derejesinde professionallaryň arasynda boks boýunça dünýä çempiony diýen ady gorady. Ýekşenbe güni Las-Wegasda (ABŞ, Newada ştaty) geçirilen 12 aýlawly bäsleşikde eminleriň biragyzdan gelen karary bilen üç agram derejesinde öňki dünýä çempiony, ukrainaly Wasiliý Lomaçenkony ýeňdi.

Eminleriň üçüsi-de ýeňşi Heýnä berdiler  - 116: 112, 115:113, 115: 113.
24 ýaşly Heýni 2022-nji ýylyň iýun aýyndan bäri eýe bolup gelýän absolýut dünýä çempiony adyny ikinji gezek gorady. Ol professional ringde ýeňlip görmedi - 30 ýeňiş gazandy (15 nokaut bilen). Amerikaly türgen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasy boýunça 2019-njy ýyldan bäri eýeläp gelýän dünýäniň yzygider çempiony derejesini dördünji gezek, ikinji gezek bolsa Halkara boks federasiýasynyň, Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) we Bütindünýä boks  guramasynyň (WBO) guşaklaryny gorady.
35 ýaşly Lomaçenko 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempiony ady ugrunda göreşdi we amerikaly Teofim Lopesden ýeňlip, WBA-nyň, WBO-nyň we WBC-niň titullaryny elden giderdi. Indi onuň hasabynda 17 ýeňiş (11-si nokaut bilen), 3 ýeňliş bar.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......