Angliýanyň premýer-ligasynda iň gowy oýunçy üçin baýraga dalaşgärler belli boldy

  • 20.05.2023 16:09
  • 21k+

“Mançester Sitiniň” oýunçylary Erling Holand bilen Kewin de Brýoýne Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) möwsümiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga dalaşgärleriň hataryna girdi. Bu barada ýaryşyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Dalaşgärleriň sanawyna Garri Keýn (“Tottenhem”), Martin Edegor (“Arsenal”), Markus Reşford (“Mançester Ýunaýted”), Bukaýo Saka (“Arsenal”) we Kiran Trippýer (“Nýukasl”) hem goşuldy.
Janköýerleriň we hünärmenleriň ses bermegi netijesinde ýeňiji 27-nji maýda yglan ediler.
Öň, Holand möwsümdäki gollary boýunça APL-iň rekordyny täzeledi. Onuň hasabynda 33 oýunda 36 gol bar. Norwegiýaly oýunçy 34 goldan salan angliýaly Endi Koulyň (1993/94-möwsümi) we Alan Şireriň (1994/95) üstünliklerinden geçdi.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......