Porýe bilen Getji UFC 291 turnirinde rewanş geçirer

  • 19.05.2023 09:09
  • 18k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) amerikaly söweşijileri Dastin Porýe bilen Jastin Getji Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) Solt-Leýk-Siti amerikan şäherinde geçiriljek 291-nji belgili turnirinde ýeňil agramda söweş geçirer. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Porýe bilen Getjiniň söweşi 29-njy iýulda geçiriljek turniriň esasy kardynda birinji orunda durar. Bellenilişi ýaly, ýeňiji titul söweşi üçin ilkinji dalaşgär bolar. Söweşijiler öň hem duşuşypdylar: 2018-nji ýylyň 14-nji aprelinde Porýe UFC on Fox 29 turniriniň esasy wakasynyň dördünji raundynda Getjini nokaut arkaly ýeňdi.
19-njy awgustda Bostonda UFC 292 turniri geçiriler. Onda has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) titul söweşi bolup, guşak ugrunda çempion Aljameýn Sterling bilen Şon O’Melli söweşer.


düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....