Hytaý öz orbital stansiýasyna Týançžou-6 ýük kosmos gämisini uçurdy

  • 11.05.2023 19:56
  • 6.6k+

Hytaýyň dolandyrylýan kosmiki uçuşlar maksatnamasynyň administrasiýasy çarşenbe güni Týançžou-6 ýük kosmos gämisini milli orbital stansiýasyna uçurdy. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi.

Göni ýaýlymda aýdylyşyna görä, Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan uçuş pekin wagty bilen 21:22-de (moskwa wagty bilen 16:22) “Çançžen-7” (CZ-7) raketasynyň kömegi bilen amala aşyryldy. Gämi ýakyn wagtda stansiýa ýangyç (1,75 tonna), enjamlary, azyk önümlerini (şol sanda 70 kg miwe) we kosmonawtlaryň şahsy zatlaryny eltip berer.

"Týançou-6" uçuşyny üýtgedilen ýük ulag seriýasynyň ilkinji nusgasy hökmünde amala aşyrar. Bu kosmos gämisiniň tehniki aýratynlyklaryny barlamak we mundan beýläk köpçülikleýin önümçiligini göz öňünde tutmak taýdan-da möhümdir "- diýip, kosmos gämisiniň ulgam enjamlarynyň baş konstruktory Szýa Dunyun aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Týançžou-6”-nyň ýük bölümi öňki modelden 20% giňdir. Mundan başga-da, indi gämi orbita öňküsinden 500 kg ýüki artyk eltip bilýär.
Hytaýyň stansiýasy takmynan 400 km belentlikde ýerleşýär we 10 ýyldanam gowrak wagt hyzmat eder. Ol üç adam üçin niýetlenendir (ekipažyň rotasiýasy bilen gysga wagtyň içinde alty adama çenli). Üç sany sepleşýän merkezi we kosmosa çykmak gatlasy bolan T şekilli toplumyň agramy 66 tonna, bölümleriň göwrümi 110 kub metre ýetýär. 2022-nji ýylda orbital obýekt kadaly işe başlady we halkara taslamalar üçin elýeterlidir.


12.05.2026 07:19
15k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.5k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......