Çempionlar ligasynyň birinji ýarym finalynda «Real» «Mançester Siti» bilen deňme-deň oýnady

  • 10.05.2023 08:26
  • 18k+

Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygynda «Real» öz meýdançasynda «Mançester Siti» bilen deňme-deň oýnady. «Santýago Bernabeu» stadionynda geçen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

«Realyň» düzüminde Winisius Žunior (36-njy minut) gol geçirdi. «Mançester Sitide» Kewin De Brýuýne (67) tapawutlandy.
Jogap duşuşygy 17-nji maýda Mançesterde geçiriler.

Çempionlar ligasynyň ikinji ýarym final duşuşygynda Italiýanyň «Inter» we «Milan» klublary duşuşar. Duşuşyk şu gün, 10-njy maýda 00:00-da başlanar.
Çempionlar ligasynyň finaly 10-njy iýunda Stambulda geçiriler.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....