D witaminini ýeterlik derejede kabul etmek bilen adamlar näme gazanýar?

  • 08.05.2023 17:03
  • 25k+

Bilermenler D witamininiň ýetmezçiliginiň durmuş-ykdysady we lukmançylyk ulgamlaryna oňaýsyz täsir edýändigini belleýärler. Bu witaminiň ýetmezçiligine getirýän sebäpleriň arasynda adamyň jyns, ýaş aýratynlyklary, ýaşaýan sebitiniň toprak-howa şertleri, iýýän iýmitleri, artykmaç agramynyň bolmagy ýaly özboluşly görkezijilere aýratyn üns berilýär.

3 — 5 ýaşly çagalarda witamin ýetmezçiligi has köp ýüze çykýar. Körpejäniň ýygy-ýygydan sowuklamagy, dümewlemegi-de witamin ýetmezçiligi sebäplidir. Dyrnaklaryň, saçyň, deriniň ýagdaýyna üns bermek zerur. Çünki olara gan akymy bilen arassa kislorod we iýmitlendiriji maddalar iň soňky nobatda barýar. Witamin ýetmezçiligi sebäpli çaganyň dyrnaklary gat-gat bolup ösýär, sähel degseň döwülýär. Witamin ýetmezçiligi has ötüşende, çagany süňňi gowşaklyk, gaharjaňlyk, burun boşlugyndan ganyň akmagy, diş etleriniň sowuklamagy ýaly oňaýsyz netijelere alyp barýar. Ýetginjeklerde D witamininiň ýetmezçiligi rahitli gyşarmalara, fiziki we aň ösüşiniň haýallamagyna, ýokançlara duýgurlygyň ýokarlanmagyna, bogunlarda agyrynyň peýda bolmagyna, autoimmun we ýürek-damar keselleriniň ýitileşmegine sebäp bolup bilýär. Uly adamlarda bu witaminiň azlyk etmegi önelgesizlige, endokrin ulgamynyň näsazlyklaryna eltip bilýär. Aýallarda semizlik we reproduktiw häsiýetli kada bozulmalaryna alyp barýar. Şeýle näsaglarda, köplenç, gaharjaňlyk, aşa derlemek, osteoporoz, çalt ýadamak, dişleriň minerallaşmasynyň pese düşmegi, merkezi degna ulgamynyň bozulmalary, süňklerde we myşsalarda agyrynyň peýda bolmagy, ýygy-ýygydan sowuklama, demgysma, inçekesel ýaly ýagdaýlar bellenilýär. Erkek kişilerde D witamininiň ýetmezçiligi zäherli maddalaryň artykmaç ýag görnüşinde çökmegine, myşsalaryň gowşamagyna, bogun agyrylaryna, ganda glýukozanyň ýokarlanmagyna, reproduktiw kada bozulmalaryna alyp barýar. Ýaşy 60-dan geçen adamlarda onuň ýetmezçiligi skelet ulgamynyň gowşamagyna, süňkleriň ýumşamagyna getirýär. Gartaşan adamlarda ýykylmak hem süňk şikeslenmelerine sezewar bolmak howpy artýar, böwrekleriň peşewi bölüp çykarmak ukyby peselýär.
Witamin ýetmezçiliginiň ilkinji, iň netijeli dermany arassa howadyr. Säher turup, guşluk bolýança çagany ýyly geýindirip ýa-da gundap, arassa howada gezelenç etdirmek, ir ertir bilen (gyş aýlarynda sagat 11:00-a çenli, tomsuna 9:00-a çenli) açyk howada pyýada ýöremek we dürli maşklary ýerine ýetirmek oňat netije berýär. Çagalar üçin arassa howada dürli gyzykly oýunlary guramaly, mümkinçilik bolsa, okuw sapaklaryny-da daşarda, oýun görnüşinde geçirmek peýdalydyr. Elbetde, lukman bilen maslahatlaşyp, dogry saýlanyp alnan poliwitaminler hem netijeli täsir edýär. Aslynda, D witamininiň özi biologik taýdan işjeň däldir, ol bagyrda hem böwreklerde metabolik derejede özgerdilenden soňra, özüniň biologik netijeliligine eýe bolýar. D witamini toparyna D1, D2, D3, D4, D5, D6 witaminleri degişlidir. Biz gündelik iýmit bilen bu witaminiň bedene zerur bolan möçberiniň bary-ýogy 10 — 20 göterimini alyp bilýäris, galanyny diňe arassa howadan, Gün şöhlesinden alyp bolýar. Adamyň süňk-daýanç synasynyň berkligi hem sagdynlygy köp babatda D witaminine baglydyr. Munuň üçin köp möçberde kalsiý talap edilýär. Kalsiý süýt önümlerinde, ilkinji nobatda, dorogda we çig gaýmakda, hozda, künji dänelerinde, günebakar çigidinde, ýarmalarda, balykda, çörekde, kömelekde, balyk işbilinde, peýnirde köp mukdarda saklanýar.


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......