Aljameýn Sterling Genri Sehudony ýeňip, UFC-de guşagyny gorady

  • 07.05.2023 14:11
  • 16k+

7-nji maýda ABŞ-da Nýuarkda garyşyk söweş stili boýunça UFC 288 ýaryşy geçirildi. Ýaryşyň esasy duşuşygynda amerikaly Aljameýn Sterling (23-3) iki agram derejede öňki çempion, watandaşy Genri Sehudo (16-3) garşy tutluşykda aşa ýeňil agramda (61 kg çenli) çempionlyk guşagyny gorady.

Söweş bäş raundlap dowam etdi we eminleriň garyşyk karary bilen Sterlingiň ýeňşi arkaly tamamlandy. Şeýlelikde, Sterling aşa ýeňil agramda guşagyny goramagy başardy.
Aljameýn Sterling 33 ýaşynda. UFC 280-de oktýabr aýynda soňky söweşinde ol tehniki nokaut arkaly ikinji raundda Ti Jeý Dillaşouwy ýeňdi.
Genri Sehudo 36 ýaşynda.Ol 2020-nji ýylyň maýyndan bäri çykyş etmeýärdi. UFC 249-de soňky söweşinde ol meşhur Dominik Kruzy ýeňmegi başardy.


düýn 11:39
10k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......

09.05.2026 00:16
7.6k+

Hamzat Çimaýew – Şon Striklend urşy: haçan we nirede görmeli

2026-njy ýylyň 9-njy maýyndan 10-njy maýyna geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 10-njy maý) ABŞ-nyň Nýuark şäherindäki «Prudenşl Sentr» arenasynda UFC 328 ýaryşy bolar. Onuň esasy wakasynda orta agram......

04.05.2026 11:23
3.3k+

UFC ilkinji gezek Serbiýada ýaryş gurnar

Absolýut söweş çempionaty (UFC) öz taryhynda ilkinji gezek Serbiýada turnir geçirer. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşlar 2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Belgrad şäherinde bolar....

02.05.2026 16:41
7.7k+

UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda......