"Red Bulluň" sürüjisi Peres Maýaminiň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy

  • 07.05.2023 11:25
  • 2.4k+

"Red Bulluň" sürüjisi Serhio Peres "Formula-1" çempionatynyň bäşinji tapgyry bolan Maýaminiň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Peres özüniň iň gowy aýlawyny 1 minut 26,841 sekuntda geçdi. Ikinji wagty "Aston Martinden" iki gezek dünýä çempiony Fernando Alonso (+0,361 sekunt) görkezdi, üçlügi "Ferrariden" Karlos Saýns (+0,508) jemledi. Onuň topardaşy Şarl Lekler saýlama tapgyrynyň gutarmagyna iki minut galanda ýoldan çykdy we segment möhletinden öň tamamlandy.

Iň gowy sürüjileriň onlugy şeýle görnüşde:
1. Peres; 2. Alonso; 3. Saýns; 4. Kewin Magnussen ("Haas"); 5. Pýer Gasli ("Alpin"), 6. Jorj Rassel ("Mersedes"); 7. Lekler; 8. Esteban Okon ("Alpin"); 9. Ferstappen; 10. Waltteri Bottas ("Alfa Romeo").
Maýaminiň Gran-prisi ýaryşy ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen 0:30-da başlanar.


19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....