Google özüniň ilkinji eplenýän Pixel Fold smartfonyny resmi taýdan hödürledi

  • 06.05.2023 11:00
  • 11k+

Google kompaniýasy öz saýtynda we Twitterdäki Made by Google resmi profilinde eplenýän Pixel Fold smartfonynyň wideotizerini ýerleşdirdi. Ýerleşdirilen wideo bary-ýogy sekiz sekunt dowam edýär. Onda smartfonyň arka tarapy, şeýle-de onuň açylan ýagdaýa geçiş prosesi görkezilýär diýip, gazeta.ru habar berýär.

Google-yň bu wideosy Pixel Fold baradaky öňki syzylan maglumatlary tassyklady. Has takygy, täze smartfonyň üç esasy kamera, esasy ekranyň giň çarçuwasyna we smartfonyň doly eplenmegi üçin şarnire eýe boljakdygy belli boldy.
Ýöne wideoda diňe ak reňkli Pixel Fold görkezilýär. Internet torunda bolsa gara gurluşy şekillendirýän renderler peýda bolupdy. Bu görnüşiň ahyrynda satuwda peýda boljakdygy ýa-da ýokdugy heniz belli däl.
Twitterdäki täze postunda kompaniýa Pixel Fold smartfonynyň doly derejeli tanyşdyrylyşynyň 10-njy maýda Google I/O konferensiýasynda boljakdygyny tassyklady. Şonda IT ägirdiniň Pixel 7a smartfonyny we kompaniýanyň ilkinji planşeti Pixel Tab-y hödürlemegine garaşylýar.


düýn 04:00
2.2k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
858

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...