5-nji maýda Aýyň ýarym kölegeli tutulma hadysasyna syn edip bolar

  • 05.05.2023 00:19
  • 22k+

5-nji maýda Ýeriň ýaşaýjylary Aýyň ýarym kölegeli tutulmasyny synlap bilerler. Hadysa aşgabat wagty bilen 20:14-den 00:31-e çenli dowam eder we iň ýokary faza aşgabat wagty bilen 22:23-de bolar - şol wagt Aý tegeleginiň demirgazyk gyrasy garaňkyrar.

Aý tutulmasy gözýetimiň ýokarsynda islendik ýerden, şol sanda Antarktidadan, Aziýanyň aglaba böleginden, Günorta we Gündogar Ýewropadan, Awstraliýadan, Afrikadan hem-de Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynyň  akwatoriýasyndan görner. Russiýanyň, Taýmyrdan we Çukotkadan başga, sebitleriniň köpüsinde bu hadysa syn etse bolar. Esasy zat - howanyň dury bolmagy.
Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler ýarym kölegeli tutulma wagtynda Aý tegeleginiň ýagtylygynyň sähelçe peseljekdigini, ony görmegiň gaty kyn boljakdygyny duýdurýarlar.

"Bu täsir diňe gözleri gaty ýiti ýa-da professional düşürilen suratlarda görnüp biler" – diýip, TASS Moskwa Planetariýasynyň metbugat gullugynda düşündirdiler.

Maýdaky Aý tutulmasy 2023-nji ýylda bolmagy çak edilýän şunuň ýaly iki hadysanyň ilkinjisi bolar. Ikinjisi 28-nji oktýabrda bolmaly.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
292

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......