Benzema Ispaniýanyň çempionatynyň taryhynda dördünji bombardir boldy

  • 30.04.2023 10:27
  • 17k+

Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Karim Benzema Ispaniýanyň futbol çempionatynyň taryhynda dördünji bombardir boldy diýip, sportrbc.ru habar berýär.

35 ýaşly fransiýaly oýunçy 32-nji tapgyryň “Almeriýa” garşy oýnunyň birinji ýarymynda het-trik amala aşyrdy. Benzema bäşinji, 17-nji we 42-nji (penaltiden) minutlarda gol geçirdi.
Hüjümçi La Ligada 236 gol belligine ýetip, Ugo Sançesden öňe geçdi (234). Benzemadan öňde diňe Telmo Sarra (252), Kriştianu Ronaldu (311) we Lionel Messi (474) bar.
Benzema “Realda” 2009-njy ýyldan bäri çykyş edýär. 
Oýun 4:2 hasabynda Madridiň “Realynyň” peýdasyna tamamlandy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....