Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hytaýa wiza almagyň düzgünlerini çap etdi

  • 29.04.2023 23:50
  • 28k+

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi saýtynda Hytaýa wiza almak üçin ýüz tutmagyň düzgünlerini çap etdi.

Wiza üçin ýüz tutmak isleýän adamlara resminamalaryny tabşyrmazdan ozal düzgünleri ünsli okamak, wizanyň gerekli görnüşini tassyklamak, ýüz tutmak üçin zerur resminamalary taýýarlamak we olary tabşyrmak üçin kabul edilmäge ýazylmak haýyş edilýär.
Syýahatçylyk maksady bilen Hytaýa barýan syýahatçylara (L görnüşli wiza) gidiş-geliş petegi, myhmanhanadan otag bron edilendiginiň tassyknamasy, ýa-da Hytaýdaky guramalar ýa-da şahslar tarapyndan berlen çakylyk hatlary ýaly syýahat meýilnamasynyň materiallary gerek bolar.
Wiza almak üçin ýüz tutulanda şu aşakdakylary görkezmek hökmanydyr:

 

  • Hakyky daşary ýurt biometrik pasportynyň asyl nusgasy (möhleti 6 aýdan gowrak, wiza üçin azyndan 4 boş sahypasy bolmaly), şeýle hem raýatlyk pasportynyň asyl nusgasy we pasportlaryň göçürmeleri.
  • Pasportdaky ýaly, ýakynda, başaçyk düşülen, gönüden alnan, 1 sany reňkli (açyk fon) surat.
  • Degişli kategoriýadaky wizany almak üçin ýüz tutmaga gerekli materiallar.
  • Wiza almak üçin çap edilen we gol çekilen onlaýn-sowalnama hem-de kabul edilmäge ýazylandygyny tassyklaýan resminamanyň çap edilen görnüşi.

Talap edilýän resminamalaryň doly sanawyny Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz.
Hytaý Halk Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Arçabil şaýolunyň 45-nji jaýynda ýerleşýär.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......