«Oskar — 2024» baýragynyň senesi yglan edildi

  • 27.04.2023 11:18
  • 5.1k+
«Oskar — 2024» baýragynyň senesi yglan edildi

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy «Oskar» baýragynyň 96-njy gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Dabara 2024-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriler.

ABŞ-da 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygynda çykan islendik film baýraga dalaş edip biler. Dalaşgärleriň gysga sanawlary 21-nji dekabrda, nominantlar bolsa 23-nji ýanwarda yglan ediler. Abraýly Governors Awards baýragy 18-nji noýabrda paýlanar.
Geçen dabaranyň ýeňijisi Denielleriň “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filmi bolup, ýedi baýrak gazandy: iň gowy film, režissura, ssenariý, aktrisa (Mişel Ýeo), ikinji plandaky aktýor we aktrisa (Ke Hýu Kuan we Jeými Li Kýortis) ). Iň oňat erkek keşbi üçin baýrak Brendan Freýzere ("Läheň") gowşuryldy.


16.03.2024 10:08
6.2k+

Killian Mýorfi Versace Icons-yň ilkinji erkek ilçisi boldy

47 ýaşly irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi Versace Icons hatarynyň ilkinji erkek ilçisi boldy. Bu barada brendiň saýtynda habar berilýär. Mýorfiniň gatnaşmagyndaky mahabat kampaniýasy 3-nji aprelde çykar. Aktýor...

19.09.2023 11:13
9.4k+

«Barbi» «Oskar» baýragyna hödürlener

«Warner Bros» studiýasy Greta Gerwigiň «Barbi» filmini Amerikanyň kinoakademiýasynyň «Oskar» baýragyna dalaşgär hökmünde hödürlär diýip, «Variety» habar berýär. «Barbi» iň gowy özboluşly ssenariýa baýragyna dalaşgärleriň...

14.03.2023 10:12
9.4k+

Disney «Oskar» dabarasynda «Suwperisi» filminiň treýlerini görkezdi

Disney studiýasy Los Anjelesde geçen «Oskar» dabarasynda «Suwperisi» (The Little Mermaid) filminiň täze wersiýasynyň doly derejeli treýlerini görkezdi. Kadrlarda ilkinji gezek leňňeç Sebastýany we filmiň beýleki...

25.01.2023 23:33
10k+

2023-nji ýylyň «Oskar» baýragyna dalaşgärler belli boldy

Jeýms Kemeronyň “Awatar: Suwuň ýoly”, Stiwen Spilbergiň “Fabelmanlar” we Martin MakDonanyň “Inişeriniň Banşisi” filmleri “Iň gowy film” nominasiýasynda “Oskar” baýragyna dalaş ederler. Bu barada baýragyň guramaçylary...