Holand «Arsenala» gol geçirip, Premýer-liganyň rekordyny täzeledi

  • 27.04.2023 10:37
  • 14k+

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand Angliýanyň Premýer-ligasynyň 33-nji tapgyr duşuşygynda «Arsenalyň» derwezesine gol geçirdi. Şeýlelikde, bu gol norwegiýaly futbolçy üçin Angliýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde hasap boýunça 33-nji boldy. Netijede Holand bir möwsüm üçin geçirilen gollaryň sany boýunça Mohammed Salahyň 2017/2018 möwsüme degişli bolan rekordyny (32 gol) täzeledi.

Angliýanyň ligasynyň absolýut rekordy (34 gol) Endi Koula degişli («Nýukasl», 1993/1994 möwsüm) we Alan Şirere («Blekbern», 1994/1995 möwsüm) degişli. Emma bu netijeler bir möwsümde 42 oýun oýnalýan wagty gazanylypdy. Häzirki wagtda çempionatda 38 oýun geçirilýär.
Norwegiýaly hüjümçi APL-nyň iň gowy bombardirleriniň sanawynda liderligi saklaýar. Ikinji ýerde barýan Harri Keýniň («Tottenhem») hasabynda 24 gol bar.
Umumylykda, Erling Holand şu möwsümde «Mançester Sitiniň» düzüminde ähli ýaryşlarda 43 oýunda 49 gol we sekiz netijeli pas geçirdi.


şu gün 14:25
8.4k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.8k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......