«Tottenhem» «Nýukasldan» ýeňlenden soň tälimçisini wezipesinden boşatdy

  • 25.04.2023 23:45
  • 11k+

Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) «Tottenham» kluby geçen dynç güni geçen Angliýanyň çempionatynyň nobatdaky tapgyrynda «Nýukasl Ýunaýtedden» ýeňlenden soň, baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetiriji Kristian Stellini işinden boşatdy  diýip, gazeta.ru habar berýär.

Londonyň topary 1:6 hasabynda ýeňildi, üstesine duşuşygyň ilkinji 20 minudynda garşydaşlaryna bäş pökgi geçirtdi.

“Ýekşenbe güni Nýukasl bilen geçen oýnunyň netijesi göwne makul bolmady, oňa tomaşa etmek agyr boldy. Kristian we onuň kömekçileri tälimçiler toparyny terk ederler. Geljekde üstünlik arzuw edýäris" — diýip, klubuň resmi saýty «Tottenhemiň» dolandyryşynyň başlygynyň sözlerini getirýär.

Indi Raýan Meýson baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetirer.
Italiýaly Antonio Konte mart aýynyň ahyrynda London klubunyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy, şondan soň Stellini bellendi.
32 oýundan soň «Tottenhem» 53 utuk bilen bäşinji orunda barýar. «Arsenal» 75 utuk bilen premýer-ligada öňde barýar.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......