Ýemelýanenkolaryň körpe jigisiniň MMA-daky ilkinji söweşinde garşydaşy belli boldy

  • 25.04.2023 11:29
  • 24k+

Russiýaly Iwan Ýemelýanenko garyşyk başa-baş söweş sungatynda (MMA) ilkinji söweşini braziliýaly Fabio Maldonado garşy geçirer. Söweşijiniň garşydaşyny promouter Wladimir Hrýunow mälim etdi diýip, lenta.ru habar berýär.

Ol duşuşygyň 26-njy maýda Moskwada geçiriljekdigini belledi. Öň, russiýaly söweşijiniň Antonio Silwa bilen söweşip biljekdigi habar berildi.
MMA söweşijileri Aleksandr we Fýodor Ýemelýanenkolaryň kiçi dogany Iwan söweş sambosy boýunça sport ussadydyr. 43 ýaşly Maldonadonyň hasabynda 29 ýeňiş, 6 ýeňliş we deňme-deňlik bar. 2016-njy ýylda braziliýaly söweşiji emin agzalarynyň karary bilen Fýodor Ýemelýanenkodan ýeňildi.
Professional karýerasynda 46 ýaşly Fýodor 7 ýeňlişe sezewar boldy we 40 ýeňiş gazandy. Onuň gatnaşmagynda bolan ýene bir söweş geçirilmedik diýlip yglan edildi. Russiýaly söweşiji Pride we RINGS guramalarynyň çempion titullaryna eýe boldy. 41 ýaşly Aleksandr Ýemelýanenkonyň hasabynda MMA-da 28 ýeňiş, 10 ýeňliş we deňme-deňlik bar.


13.03.2026 12:13
8.5k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
8.7k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

10.03.2026 07:58
6.6k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...