Roý Jons bilen Maýk Taýson ikinji söweşi geçirmäge taýyn

  • 24.04.2023 18:03
  • 38k+

Boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony Roý Jons-kiçi Maýk Taýsona garşy ýene bir söweşe çykmaga taýyn. Bu barada TASS-a ýekşenbe güni türgeniň toparynda habar berdiler.

Ondan öň, Taýson Jons-kiçä garşy gaýtadan söweşmäge taýýardygyny mälim edipdi.

Agentligiň söhbetdeşi: "Hawa, Roý Maýkyň aýdanlaryny gördi. Emma beýle söweş barada hiç hili teklip gelip gowuşmady. Roý ýene bir söweşe taýyn, ol karýerasyny tamamlamady ahyry. Gürrüň teklipde " – diýdi.

Taýson bilen Jonsyň arasyndaky söweş 2020-nji ýylyň noýabr aýynda bolup geçdi, onuň sergi statusy bardy we sekiz raunddan soň deňme-deňlik bellige alyndy.
Taýson 56 ýaşynda, ol agyr agramda dünýäniň öňki absolýut çempiony. Russiýanyň raýatlygyna eýe Jons bolsa 54 ýaşynda. Ol ýarym agyr agramda dünýäniň öňki absolýut çempiony.


şu gün 09:52
5.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......