Hytaýyň Sian şäheri Aşgabada we Duşenbä ýük howa gatnawlaryny açar

  • 24.04.2023 10:04
  • 14k+

Hytaýyň merkezindäki esasy şäher we Şansi welaýatynyň paýtagty Sian ýakyn wagtda Aşgabada we Duşenbä ýük howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Ösüş we özgertmeler boýunça Sian toparynyň müdiriniň orunbasary Wan Kai habar berdi.

"Ýük ugurlary gaýtadan dikeldildi we açyldy, hem-de biz gysga wagtyň içinde sebitiniň bäş ýurduny doly gurşap almak üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna — Duşenbe, Täjigistana we Aşgabat, Türkmenistana iki sany täze ugry açarys" diýip ol belledi. Bu barada Orient Economic Daily agentligine salgylanyp ýazýar. 

21-nji aprelde ilkinji Air China uçary 63 ýolagçyny alyp, Sian - Sýanýan halkara howa menzilinden Gazagystanyň Astana şäherine ugrady. Siandan Almaty, Daşkent we Bişkek şäherine barýan ýolagçy ugurlary şu ýylyň başynda açyldy. Mundan başga-da, Siandan Almaty we Daşkende ýük daşaýyş ugurlary hereket edýär.
Şensi welaýatynyň häkimiýetiniň häkiminiň  orunbasary we Sian şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ýe Nýupin Sianyň ýurduň merkezi şäheri we möhüm derwezesi hökmünde halkara awiasiýa merkezini hem-de China-Europe Express Changan ýük merkezini gurmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Sianyň howa menzili ýük dolanyşygynyň ösüşi boýunça Hytaýyň howa menzilleriniň arasynda ilkinji orunlary eýeleýär.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......