Benzema “Real” bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy

  • 22.04.2023 10:30
  • 9.4k+

«Realyň» fransiýaly hüjümçisi Karim Benzema Madridiň futbol kluby bilen şertnamasyny ýene bir möwsüm uzaltdy diýip, “As” neşiri habar berýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, klub oýunçy bilen şertnamany uzaltmak barada dilden ylalaşyk gazandy. Şol bir wagtyň özünde neşiriň belleýşi ýaly, 35 ýaşly Benzema indiki möwsümiň özi üçin “Realda” iň soňky boljakdygyna düşünýär we topar hüjümi güýçlendirmeli diýip hasaplaýar.
Benzema “Realda” 2009-njy ýyldan bäri çykyş edýär. Topar bilen bilelikde ol Ispaniýanyň dört gezek çempiony, Ispaniýanyň Kubogynyň iki gezek eýesi we Super kubogynyň dört gezek ýeňijisi boldy. Şeýle-de, ol bäş gezek Çempionlar ligasynyň, dört gezekden Klublaýyn dünýä çempionatynyň we UEFA-nyň Super kubogynyň ýeňijisi boldy. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda hüjümçi karýerasynda ilkinji gezek “Altyn topuň” eýesi boldy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....