D.Azady adyndaky TMDDI-de iňlis dili boýunça II halkara olimpiada geçirildi

  • 21.04.2023 18:13
  • 18k+

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplaryň arasynda onlaýn görnüşde iňlis dili boýunça II halkara olimpiada geçirildi. Oňa dünýäniň 35 döwletinden bir ýarym müňe golaý talyp gatnaşdy.

Umumylykda, olimpiada Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Günorta Koreýanyň, Gazagystanyň we beýleki döwletleriň 181 sany ýokary okuw mekdebi goşuldy. Ýaryşda Türkmenistana 25 ýokary okuw mekdebinden 520 sany talyp wekilçilik etdi.
Talyplara 90 minudyň içinde 10 sany meseläni çözmek tabşyryldy. Şeýlelik bilen, talyplaryň okaýşy, grammatikasy we beýleki dil başarnyklary synag edildi. Netijeler awtomatik usulda kesgitlenildi. Reýtingiň esasynda ýaryşyň ýeňijileri ýüze çykaryldy.
Ýaryşda türkmen talyplary dürli derejeli 227 sany medal, şol sanda 31 sany altyn, 52 sany kümüş, 71 sany bürünç medal gazandylar. Daşary ýurtly gatnaşyjylar jemi 87 sany medal gazandylar, şolardan 11-si altyn medal.


düýn 17:00
3.4k+

Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdatda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň üçünji we iň möhüm tapgyry boldy...

düýn 16:39
2.8k+

Raşid Meredow Dubaýda ählumumy dolandyryş boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýda (BAE) geçirilýän «Bütindünýä hökümet sammiti – 2026» forumynda çykyş edip, dünýäde dowam edýän krizis şertlerinde ählumumy dolandyryşy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurduň garaýyşlaryny beýan etdi...

düýn 13:14
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...

düýn 13:10
1.3k+

Aşgabat we Abu-Dabi energetika dialogyny işjeňleşdirmek barada ylalaşdy

3-nji fewralda Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşygy boldy...