Baýden 2022-nji ýyldaky girdejisi baradaky maglumatlary çap etdi

  • 20.04.2023 20:08
  • 26k+

Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we aýaly Jill Baýden 2022-nji ýylda 579 müň dollardan gowrak girdeji gazandy, muňa sişenbe güni Ak tam tarapyndan çap edilen salgyt jarnamasy şaýatlyk edýär.

Resminamalara görä, prezident Baýden bilen aýalynyň geçen ýylky umumy girdejisi 579,514 dollar bolup, 2021-nji ýylda olaryň umumy girdejisi  birneme ýokary, ýagny  610,702 dollar bolupdy.
Jarnamadan görnüşi ýaly, Amerikanyň lideri bilen  onuň aýalynyň 2022-nji ýyldaky umumy girdejisi, esasan, prezidentiň 400,000 dollar  ýyllyk aýlygyndan  we pensiýadan ybarat boldy.
ABŞ-nyň birinji hanymy Demirgazyk Wirjiniýa jemgyýetçilik kollejinde professor bolup işleýän ýerinden 82,335 dollar gazandy.
Şol bir wagtyň özünde salgyt jarnamalaryna görä, wise-prezident Kamala Harrisiň we onuň adamsy Dug Emhoffyň 2022-nji ýyldaky umumy girdejisi 456,918 dollar bolup, 2021-nji ýyldakydan ep-esli azaldy. Şonda olaryň umumy girdejisi 1 million 655 müň 563 dollar bolupdy.
Baýdeniň administrasiýasynda prezidentiň eýýäm 25 ýyl üçin salgyt jarnamasyny mälim edendigini aýtdylar.


28.06.2026 20:25
11k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

28.06.2026 16:55
6.2k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......