«Žironanyň» hüjümçisi Kastelýanos «Realyň» derwezesine dört gol geçirdi

  • 26.04.2023 11:02
  • 16k+

Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň 31-nji tapgyrynda «Žirona» öz meýdançasynda Madridiň «Realyny» ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşyk 4:2 hasabynda tamamlandy. «Žironanyň» düzüminde Walentin Kastelýanos poker etdi (12-nji, 24-nji, 46-njy we 62-nji minutlar).
24 ýaşly argentinaly futbolçy XXI asyrda La Ligada «Realyň» derwezesine dört gol geçirmegi başaran ilkinji oýunçy boldy.

Madridlileriň düzüminde gollary Winisius we Lukas Waskes geçirdi.
Ondan öň, Dortmundyň «Borussiýasynyň» hüjümçisi Robert Lewandowskiý Çempionlar ligasynyň 2012/2013 möwsüminiň ýarym finalynda «Realyň» derwezesine dört gol geçiripdi.
Häzirki möwsümde «Real» Ispaniýanyň çempionatynda 65 utuk bilen ikinji orunda ýerleşýär. «Žirona» 41 utuk bilen dokuzynjy orny eýeleýär.


düýn 00:22
3.4k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 14:50
4.2k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
8.3k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.6k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....