Mahaçew Abu-Dabide geçiriljek UFC 294 turnirinde tituly gorar

  • 12.04.2023 15:09
  • 27k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony Islam Mahaçewiň gatnaşmagynda ýeňil agramda geçiriljek söweş 21-nji oktýabrda Abu-Dabidäki UFC 294 turniriniň esasy wakasy bolar. Bu barada The MMA Hour bilen söhbetdeşlikde öňki söweşiji Çeýl Sonnen habar berdi. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Mahaçew 31 ýaşynda, onuň hasabynda garyşyk başa-baş söweşde 24 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Russiýaly yzygider 12 söweşde ýeňiş gazandy. Ol 2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň ýeňil agramda çempiony boldy.
Sonneniň aýtmagyna görä, Mahaçew 7-nji maýda Las-Wegasda geçiriljek UFC 288 turnirinde boljak Oliweýra – Beneil Dariuş söweşiniň ýeňijisi bilen söweşde tituly gorar.
UFC 294 turniriniň ýene bir esasy wakasy Şwesiýanyň wekili Hamzat Çimaýew bilen braziliýaly Paulu Kostanyň arasynda orta agramda geçiriljek söweş bolar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......