«Real» «Barselonany» uly hasap bilen utup, Ispaniýanyň Kubogynyň finalyna çykdy

  • 06.04.2023 11:52
  • 25k+

Futbol boýunça Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Madridiň "Realy" myhmançylykda «Barselonany» 4:0 hasabynda ýeňdi.

Gollary Winisius Junior (45+1-nji minut) we Karim Benzema (50; 58, pen.; 81) geçirdi.
Klublaryň arasyndaky birinji duşuşykda «Barselona» 1:0 hasap bilen ýeňiş gazanypdy.
"Real" 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Ispaniýanyň Kubogynyň finalyna çykdy, şol gezek madridli klub 2:1 hasabynda «Barselonany» ýeňdi. «Real» Ispaniýanyň Kubogyny 19 gezek gazandy. Bu görkeziji babatda rekord eýesi «Barselonadyr» (31 gezek). Geçen ýyl Ispaniýanyň Kubogyny «Betis» aldy.
Finalda «Real» «Osasuna» bilen duşuşar. Duşuşyk 6-njy maýda Sewilýada geçiriler.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....