Azar La Liganyň iň köp girdeji alýan oýunçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi

  • 03.04.2023 14:00
  • 14k+

Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Eden Azar Ispaniýanyň çempionatynyň iň ýokary girdeji alýan futbolçysy diýlip saýlandy. Fransiýanyň HBS-niň habar berşi ýaly, belgiýaly oýunçynyň zähmet haky salgytlar aýrylmazdan öň 2,25 mln ýewro barabar. Bu görkeziji boýunça ikinji orny “Barselonanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski (2,17 mln ýewro) eýeleýär, ilkinji üçlügi bolsa bu toparyň kapitany Serhio Buskets (1,91 mln ýewro) jemleýär diýip, sovsport.ru belleýär.

Bäşinji orunda “Realyň” goragçysy Dawid Alaba (1,88 mln ýewro) ýerleşdi. Onuň yzyndan “Realyň” hüjümçisi Winisius Žunior, “Barselonanyň” goragçysy Žordi Alba we “Atletikonyň” derwezebany Ýan Oblak gelýär. Olaryň ählisi möwsüm üçin 1,67 mln ýewrodan alýar.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....