Benzema karýerasyny Saud Arabystanynda dowam etdirip biler

  • 02.04.2023 15:32
  • 14k+

Madridiň “Realynyň” fransiýaly hüjümçisi Karim Benzema karýerasyny Saud Arabystanynyň klublarynyň birinde dowam etdirip biler. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, hüjümçiniň Madridiň klubunyň düzüminde mundan beýläk-de çykyş etjegine doly ynamy ýok. Şeýle-de, onuň eýýäm Saud Arabystanyndan karýerasyny tamamlamak üçin özüne laýyk bir teklibiniň bardygy habar berilýär.
Şol bir wagtyň özünde, “Real” heniz fransiýaly oýunçy bilen täze şertnama baglaşmady.
Şu möwsümde 35 ýaşly futbolçy La Ligada 16 oýna gatnaşyp, 11 gol girizdi we üç netijeli geçirim etdi.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....