Aleks Fergýuson we Arsen Wenger APL-iň Şöhrat zalyna girdi

  • 31.03.2023 11:31
  • 8.6k+

Öňki futbol tälimçileri Aleks Fergýuson we Arsen Wenger Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada APL-iň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Fergýuson 1986-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda “Mançester Ýunaýtede” ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “MÝ” 13 gezek Angliýanyň çempiony boldy. Bu görkeziji boýunça Fergýuson liganyň taryhynda iň üstünlikli tälimçidir.
Wenger 1996-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda Londonyň “Arsenalynyň” baş tälimçisi boldy. Ol topary Angliýada üç çempionlyk titulyna getirdi, möwsümleriň birinde topar milli birinjilikde ýekeje gezek-de utulmady. Tälimçilik karýerasyny tamamlandan soň, Wenger FIFA-nyň global futbol ösüşi bölüminiň ýolbaşçysy wezipesini eýeledi.
Angliýanyň Premýer-ligasynyň Şöhrat zaly 2021-nji ýylda döredildi. Onuň ilkinji agzalary Alan Şirer, Týerri Anri, Erik Kantona, Roý Kin, Frenk Lempard, Dennis Bergkamp, Stiwen Jerrard, Dewid Bekhem boldy. Fergýuson we Wenger liganyň Şöhrat zalyna girizilen ilkinji tälimçilerdir.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......