Antonio Konte «Tottenhemiň» baş tälimçisi wezipesinden gitdi

  • 27.03.2023 15:51
  • 7.7k+

Italiýaly Antonio Konte Londonyň «Tottenheminiň» baş tälimçisi wezipesinden gitdi. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Möwsümiň ahyryna çenli baş tälimçiniň wezipe borçlaryny Konteniň kömekçisi Kristian Stellini ýerine ýetirer.

“Baş tälimçi Antonio Konteniň ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda klubdan gidendigini habar berýäris. Biz oňa goşant goşandygy üçin minnetdarlyk bildirýäris we geljekde ähli gowulyklary arzuw edýäris” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Klubuň prezidenti Daniel Lewi “Tottenhemiň” geljek möwsüm üçin Çempionlar ligasynda özüne orun gazanmalydygyny belledi.

“Biziň Angliýanyň premýer-ligasynda on oýnumyz galdy we bize Çempionlar ligasynda orun üçin göreşmek gerek. Biziň ählimiz jebisleşmeli. Her kim klubumyz we ajaýyp, wepaly janköýerlerimiz üçin ýokary netijäni gazanar ýaly elinden gelenini etmeli” – diýip, Lewi aýtdy.

Konte 53 ýaşynda. Ol 2021-nji ýylyň noýabrynda “Tottenheme” ýolbaşçy boldy. Onuň şertnamasy şu möwsümiň ahyryna çenli niýetlenipdi. Angliýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde Londonyň kluby 49 utuk bilen dördünji orny eýeleýär.


düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....