Donald Serrone UFC-niň Şöhrat zalyna girdi

  • 27.03.2023 15:40
  • 10k+

UFC-niň öňki pälwany, amerikaly weteran Donald «Kowboý» Serrone guramanyň Şöhrat zalyna girizildi.

Serroneniň şu ýylyň iýul aýynda UFC 276 ýaryşynyň ikinji tapgyrda watandaşy Jim Millerden ýeňlip, karýerasyny tamamlaýandygyny yglan edendigini ýatladýarys. Donald Serrone MMA-da 49 söweş geçirip, 36 ýeňiş gazandy. Soňky ýedi söweşde alty ýeňlişe sezewar boldy we bir söweş bolsa netijesiz tamamlandy. Ol UFC-de ýeňil agramda çempionlyga öňki dalaşgärdir.
UFC-niň Şöhrat zaly mahabatyň dürli döwürlerinde görnükli türgenleri we ýaryşlary mertebeleýär. Şöhrat zalyna girizmek bilen guramanyň we sportuň ösüşine  üýtgeşik täsirini ýetiren adamlary hormatlaýar. Şöhrat zalynyň aýratyn bölüminde UFC-niň taryhynda iň möhüm söweşler mertebelenýär.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......