De Brýuýne Belgiýanyň milli futbol ýygyndysynyň täze kapitany boldy

  • 23.03.2023 13:33
  • 7.1k+

«Mançester Sitiniň» ýarym goragçysy Kewin De Brýuýne Belgiýanyň milli futbol ýygyndysynyň kapitany boldy diýip, milli toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýarym goragçy bu orunda «Realyň» oýunçysy, 2022-nji ýylda Katarda geçen dünýä çempionatyndan soň milli ýygyndy bilen hoşlaşan Eden Azaryň ornuny tutdy. «Realyň» derwezebany Tibo Kurtua bilen Milanyň «Interiniň» hüjümçisi Romelu Lukaku wise-kapitanlar boldy.

"Buýsançly pursat. Men milli ýygyndyda köp wagt bäri oýnaýaryn, ýöne bu ýurda şeýle görnüşde wekilçilik etmek meniň üçin uly hormat. Bu keşbi gowy ýerine ýetirip bilerin diýip umyt edýärin" - diýip, Sporza 31 ýaşly De Brýuýneniň sözlerini getirýär.

De Brýuýne Belgiýanyň milli ýygyndysy üçin 97 oýunda 25 gol geçirdi.
Täze tälimçi Domeniko Tedeskonyň ýolbaşçylygyndaky belgiýalylar anna güni Stokgolmda geçiriljek Ýewropa çempionaty 2024-iň saýlama oýunlarynyň birinji ýarymynda Şwesiýa bilen duşuşar.


düýn 22:49
3.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......