Braziliýaly Anderson Silwa UFC-niň Şöhrat zalyna giriziler

  • 21.03.2023 15:23
  • 16k+

Braziliýaly Anderson Silwa 2023-nji ýylda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) Şöhrat zalyna giriziler. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Dabara şu tomus Las-Wegasda geçiriler.
Silwa 47 ýaşynda, ol 2006-njy ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda UFC-niň söweşijisi boldy. Ol orta agramda öňki çempiondyr. Silwanyň hasabynda guramanyň çäginde yzygider 16 ýeňiş bolup, bu UFC-de rekordly tapgyrdyr. Oňa guramanyň çempiony hökmünde bolan günleriniň sany boýunça-da rekord degişli (2457). Umuman, garyşyk başa-baş söweşde ol 34 ýeňiş gazandy we 11 ýeňlişe sezewar boldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......