WBA Usik bilen Fýurini 1-nji aprele çenli söweş şertnamasyny baglaşmaga borçlandyrdy

  • 21.03.2023 15:20
  • 14k+

Bütindünýä boks assosiasiýasy (WBA) ukrainaly Aleksandr Usik bilen britaniýaly Taýson Fýurini 1-nji aprele çenli söweş üçin şertnama baglaşmaga borçlandyrdy. Bu barada guramanyň prezidenti Hilberto Mendosa Twitterde habar berdi diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Öň, WBA 11-nji martda iki tarapdan hem söweşi geçirmek boýunça ylalaşylandygy barada tassyknama alandygyny aýtdy. Fýuriniň promouteri Frenk Uorren agyr agramda birleşdiriji söweşiň 29-njy aprelde geçjekdigini habar berdi. 13-nji martda britaniýaly söweşiji Usike söweş şertnamasyna rewanş söweşiniň ýokdugy barada punkty goşmagy teklip etdi. Eger toparlar şertnama barada ylalaşyp bilmeseler, onda ukrainaly söweşiji Beýik Britaniýanyň wekili Daniel Dýubua bilen söweş barada gepleşikleri geçirip başlamaly bolar.
Fýuri 4-nji dekabrda watandaşy Derek Çisorany ýeňip, Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) agyr agramda dünýä çempiony titulyny gorady. Ýeňişden soň ol agyr agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super), Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks guramasynyň (IBO) çempiony Usiki söweşe çagyrdy.
Britaniýaly 34 ýaşynda bolup, professional ringde ýeňliş diýen zady bilmeýär (33 ýeňiş we bir deňme-deňlik). 36 ýaşly Usik hem ýeňilmedik bolup galýar, onuň hasabynda 20 ýeňiş bar.


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......