Leon Edwards Kamaru Usmany ýeňip, ilkinji gezek UFC-niň guşagyny gorady

  • 19.03.2023 15:16
  • 16k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) britaniýaly söweşijisi Leon Edwards amerikaly Kamaru Usmandan üstün çykyp, ýarym orta agram kategoriýasynda UFC-niň çempion guşagyny gorady. 

286-njy belgili turniriň esasy wakasy bäş raund dowam edip, emin agzalarynyň aglabasynyň çözgüdi bilen britaniýalynyň ýeňiş gazanmagynda tamamlandy.
Bu tutluşyk türgenler üçin üçünji söweş boldy: birinjisi emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde Kamaru Usmanyň ýeňşi bilen tamamlandy, soňra 2022-nji ýylda Edwards titul söweşiniň gutarmagyna bir minut galanda garşydaşyny nokauta gidirip, rewanş aldy.
Ilkinji gezek guşagy goran Edwardsyň hasabynda 21 ýeňiş we üç ýeňliş bar. Usmanyň hasabynda 20 ýeňiş bilen üç ýeňliş bar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......