Çimaýew indi söweşini orta agramda ilkinji 3-lükdäki söweşijileriň biri bilen geçirer

  • 19.03.2023 12:04
  • 18k+

UFC promouşeniniň prezidenti Dana Uaýt çeçen gelip çykyşly şwesiýaly pälwan Hamzat Çimaýewiň indiki söweşini orta agram derejesinde geçirjekdigini habar berdi.

“Hawa, Çimaýew orta agram derejesinde söweşer. Indi Hamzatyň şeýle ýagdaýda, bu agramda dünýäniň iň gowy üçlüginiň biri bilen duşuşmalydygyna şek ýok " - diýip, MMAJunkie Uaýtyň sözlerini getirýär.

Häzir UFC-niň orta agramdaky çempiony  - Aleks Pereýra, ol  UFC 287-de  sanawyň 1-nji belgisindäki Israel Adesanýa bilen söweşer. Ikinji we üçünji orunlarda Robert Uittaker we Jared Kannonýe durýar.
Hamzat Çimaýew professional garyşyk başa-baş söweşinde 12 tutluşyk geçirip, olarda 12 ýeňiş gazandy. Pälwanyň soňky söweşi geçen ýylyň sentýabr aýynda Kewin Holland bilen bolup, ony birinji tapgyrda demikdiriji usul bilen ýeňipdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......