Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalar girizildi

  • 18.03.2023 13:42
  • 42k+

Türkmenistanda Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalar girizildi. Bu barada degişli Buýrugy Türkmenistanyň Içeri işler ministri 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykardy. Ol 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.

Resminama laýyklykda, Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine girizilen goşmaçalara laýyklykda Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän raýatlara «C» topara degişli ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy on sekiz ýaşdan berilýär (Buýrugyň on üçünji bölegi).
Tertibiň on altynjy bölegine «Şunda sürüjilik şahadatnamasy synaglardan üstünlikli geçen adamyň ynanylan wekili tarapyndan hem ynanç haty esasynda alnyp bilner» mazmunly tesim goşuldy.
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Bellige alyş we synag birlikleri tarapyndan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuw mekdeplerinde okaýanlaryň islendik toparlarynyň okuwa gatnaşyklaryna we olaryň okadylyşyna gözegçilik edilýär. Kemçilikler ýüze çykan ýagdaýynda şol edaralaryň ýolbaşçylaryna, aýratyn halatlarda olaryň ýokarda durýan guramasyna habarnama iberilýär (ýigriminji bölegi)
Raýatlaryň sürüjilik şahadatnamalary baradaky maglumatlar harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki ygtyýarly döwlet edaralarynyň gulluk maksatlary bilen bagly ýüz tutmalary esasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Tehniki gözegçilik bölümi hem-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Bеlligе аlyş we synаg birliklеri tarapyndan hat arkaly resmileşdirilip, tölegsiz berilýär.
Şeýle maglumatlar raýatlaryň özleriniň arzalary esasynda hem berilýär we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 21-nji martynda çykaran 9621-nji kararyna laýyklykda degişli kepilnamanyň resmileşdirilmegi üçin raýatlardan töleg alynýar.
Berlen maglumatlar boýunça Sürüjilik şahadatnama barada berlen maglumatlary hasaba alyş kitabynda bellik edilýär (elli sekizinji bölegi).
Tertibiň elli dokuzynjy böleginiň 4-nji bendinde «kepilnama» diýen sözden soň «(daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan alnan saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamanyň asyl nusgasy we türkmen diline terjime edilen nusgasy iberilip bilner)» diýen sözleri goşuldy.
Şeýle hem «Şu bapda göz öňünde tutulan hereketler sürüjilik şahadatnamasynyň eýesiniň ynanylan wekili tarapyndan ynanç haty esasynda amala aşyrylyp bilner. Bu ýagdaýda ynanç haty Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzasy bolmadyk ýurtlarda resmileşdirilen bolsa, ynanç haty degişli tertipde  kanunlaşdyrylan bolmalydyr.
Şu bölegiň 4-nji bendinde we ikinji tesiminde göz öňünde tutulan resminamalaryň hakykylygyna şübhe dörän ýagdaýynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Bellige alyş we synag birlikleri tarapyndan barlag işleri geçirilip bilner.» mazmunly ikinji we üçünji tesimler goşuldy.
Buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirlikleriniň müdirleri gözegçilik eder.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......