Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hindistanyň ilçisi kabul edildi

  • 18.03.2023 12:12
  • 4.1k+

17-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu P.Nair bilen döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri maslahatlaşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösmeginiň esasy görkezijisi iň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durýar.
Söwda-ykdysady ulgamyndaky, ulag-logistika, maglumat-tehnologiýalary, dokmaçylyk, himiýa we nebit-gaz senagaty, binagärçilik we gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygy aýdyldy.
Ylym we bilim ulgamlary, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty türkmen-hindi medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......