Saud Arabystany «Boeing» bilen uçarlary öndürmek barada şertnama baglaşmaga taýynlanýar

  • 13.03.2023 12:27
  • 12k+

Er-Riýad ABŞ-nyň «Boeing» korporasiýasy bilen täze söwda awiakompaniýasy üçin uçar öndürmek barada şertnama baglaşmaga taýýarlanýar. Bu barada The Wall Street Journal gazeti çeşmelerine salgylanyp, şenbe güni habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, Saud Arabystanynyň özygtyýarly gaznasy täze awiakompaniýa bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilen güni amerikan awiakonserni bilen şertnama baglaşandygyny yglan etse gerek. Bahasy 35 milliard dollar bolan bu şertnamada, giň göwrümli uçarlary hem öz içine almak bilen, “köp sanly” uçaryň önümçiligi göz öňünde tutulan bolsa gerek diýlip garaşylýar.
The Wall Street Journal gazetiniň maglumatlaryna görä, şertnama üçin Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk konserni  hem ýüz tutdy. 


29.01.2026 15:22
12k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

27.01.2026 18:00
6.6k+

Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär

Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär...

24.01.2026 09:22
2.8k+

Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi...

17.12.2025 12:24
1.6k+

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...